Hesperian Health Guides

Gizlin kemçilikler we olardan ejir çekýänler

Bu bapda:

Zäherli materiallary ulanýan we öndürýän senagat pudaklarynyň köpüsi adamlara öz materiallarynyň, önümleriniň howpsuzdygyny, adamlara gerekdigini nygtaýarlar. Emma bu ýalandyr. Hawa, adamlar PWH plastmassa, etil benzini ýa-da pestisidler ýaly himikatlar, önümler howpsuz we zerur diýip hasaplaýardyrlar. Indi bolsa olaryň uly zyýan ýetirýändigi mälim boldy. Senagat çynyny edip gözlese, zäherli himikatlaryň köpüsiniň deregine howpsuz materiallary ulanyp bolýar.

Senagat ösüşiniň käbir kemçilikleri bardyr. Bulara esasan-da daşky gurşawy şikeslendirmek we saglyk kynçylyklaryny döretmek ýaly ýagdaýlar degişlidir. Şeýle kemçiliklerden adatça olary öndürýän senagat pudaklary däl-de, zäherleriň zyýanly täsirine sezewar edilýän adamlar ejir çekýärler. Senagat pudaklary adamlaryň saglygyny dikeltmek üçin kör köpük-de tölemeýär. Olar hatda şeýle borçlarynyň bardygyny-da boýun almaýarlar. Tersine, öz girdejilerini barha artdyrýarlar. Olaryň girdejileri käte örän uly bolup, adam saglygyny we has howpsuz usullary goldamaga hem ýetýändir.

Senagat hapalamasyndan, esasan-da, şol pudaklarda işleýän işgärler ejir çekýärler. Şol ýerlerde ýaşap, arassa ýerlere göçüp gitmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar hem bu täsire sezewar edilýärler. Zäherler zerarly dörän keselleriň köpüsini bejerip bolmaýar (16-njy baba ser.). Biziň köpimiziň gymmat bejergi almaga mümkinçiligimiz ýok. Şeýle bejergi almaga mümkinçilik bolaýan ýagdaýynda-da, ýetirilen şikes hemişelik galýar. Zerur bolan we ýerine başga howpsuz maddalary ulanyp bolmaýan örän zäherli maddalaryň ulanylmagyny gadagan etmek we zäherleriň ulanylmagyna berk gözegçilik etmek hakyky çözgütdir.


A woman speaks.
Senegat has howpsuz alternatiwalar, jemgyýetiň, işçileriň we alyjylaryň howpsuzlygy üçin tölemelidir.

Önümçilik tapgyry we zäherli taşlandylar

Senagat pudaklary zäherli himikatlaryň döredilmegine, ulanylmagyna we zäherli galyndylara jogapkär bolsalar-da, kiçi obada ýa-da uly şäherde ýaşaýandygymyza garamazdan, biziň her birimiz önümçiligiň ägirt uly aýlanyşygynyň we galyndylaryň täsirine sezewar bolýarys.

Biz polietilen paketleri, kompýuteri, awtoulagy, el telefonlary we ş.m. zatlary ulanmak bilen, zäherli galyndylar we zäherli önümçilik aýlawy bilen baglanyşykly bolýarys.

Elektron enjamlarynyň öndürilişi we zäherli taşlandylar
Conveyer belts link metal, chemical,plastic and electronic factories near dumps and a mine.
Adamlar önümçiligiň her bir tapgyry we galyndylary bilen bagly bolup bilýär. Adamlar zäherleriň mukdaryny günsaýyn kemeltmek bilen, olaryň ýetirýän zyýanynyň öňüni alyp bilýär.

Senagat hapalanmanyň käbir çeşmeleri

Nebiti arassalaýan zawodlar we elektrostansiýalar howany, suwy we topragy zäherli himikatlar we agyr metallar bilen hapalaýarlar.

Erediji peçler simap we gurşun ýaly agyr metallary, dioksin ýaly zäherli maddalary çykarýar.

Fabrikleriň ähli görnüşleri hapalanmany döredip bilerler, ýöne önümçiligiň arassa usullaryndan peýdalansalar, howpsuzlygy gowulandyryp bilerler.

Senagat galyndylary dökülýän ýerlerindäki topraga we ýerasty suwlara syzýar, saglyk bilen bagly uzak möhletleýin kynçylyklary döredýär.

Galyndylary ýakýan peçler zäherli himikatlary howa, suwa we topraga bölüp çykarýarlar.

Teletin zawodlary, galwan örtükleriniň, egin-eşikleriň we batareýleriň önümçiligi ýaly uly bolmadyk senagat pudaklary hapalanmany döredip, işçileriň we şol ýerlerde ýaşaýan adamlaryň saglygyna agyr şikes ýetirýärler.

Goşunlaryň söweş taýýarlygy geçirilýän ýerleri we harby bazalar radiasiýa, dioksinler ýaly zäherli weýran ediji hapalanmany döredýärler, nesillere täsir edip biljek zyýanly galyndylary taşlaýarlar.


This page was updated:18 dek 2022