Hesperian Health Guides

Adatdan daşary ýagdaýlaryň howpsuzlyk meýilnamasyny düzmek

Bu bapda:

Adatdan daşary ýagdaýlarda ýa-da heläkçilikde nähili hereket etmelidigini bilmek goranyş enjamy we dermanhanajygyň gerek bolşy ýaly wajypdyr. Zäherli taşlanma, suw almalar, ýangynlar, apy-tupan ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlar üçin howpsuzlyk meýilnamasy her bir işgärler toparynda we iş ýerleriň ählisinde düzülmelidir.

Hassahanalaryň ýa-da lukmançylyk klinikalarynyň telefon belgilerini we salgysyny merkezlerde asyşdyryp goýuň. Demanhanajyklaryň we beýleki ätiýaçlyk serişdeleriň nirede ýerleşýändigini we olardan nädip peýdalanmalydygyny hemmeleriň bilýändigine göz ýetiriň. Şeýle hem howpsuzlyk meýilnamasyna aşakdakylary girizmek bolar:

A woman points.
EHB appendixA page545-1A.png
  • ýaralanan we näsag adamlary hassahana eltmegiň meýilnamasyny düzmek we adatdan daşary ýagdaýda ulanyljak ulag serişdeleriniň sanawyny taýýarlamak;
  • ýygnanyşmak üçin merkez, mysal üçin, köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän ýeri, mekdep ýa-da metjit;
  • arassa agyz suwuň ätiýaçlyk çeşmesi;
  • hökümet işgärlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kömege çagyrmak üçin telefon ýa-da radio;
  • başga ýere göçürilende kömege mätäç gartaşan adamlaryň, maýyplaryň ýa-da jemgyýetdäki beýleki adamlaryň sanawy.


Adatdan daşary ýagdaýlaryň dürli görnüşleri dürli garaýyşy talap edýär. Jemgyýetiňize ýetiriljek zyýana düşünmek we olara taýýar bolmagy öwrenmek her bir howpsuzlyk meýilnamanyň iň wajyp bölegidir.



This page was updated:18 dek 2022