Hesperian Health Guides
Dökülen himiki suwuklyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Goşundy A: Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar > Dökülen himiki suwuklyk
Az mukdarda dökülen himiki suwuklyk
Himikatlar az mukdarda dökülen bolsa, olara gözegçilik etmek, ýygnamak, biri şikeslenmez ýaly we himikatlar suw akymlaryna düşmez ýaly ýa-da ýere siňmez ýaly, suwuklygy arassalamak wajypdyr.
Dökülen suwuklyga gözegçilik ediň
Iň wajyp zat – suwuklygyň köp dökülmegine ýol bermezlik. Suwuklygy syzdyrýan enjamy ýapyň, ýykylan gabyň döwlen tarapyny ýokarylygyna öwrüň ýa-da ony abat gabyň içine ýerleşdiriň. |
Dökülen suwuklygy gömüň Siz dökülen suwuklygy topraga, ýonuşga, palçyga ýa-da beýleki materiallara siňdirip bilersiňiz. Suwuklyk syçraýan bolsa, onuň üstüne mata ýa-da plastmassa listini ýapyň. |
Dökülen suwuklygy arassalaň
Suwuklygy siňdiren materialyňyzy çeleklere ýa-da plastmassa gaplara ýerleşdiriň. Suw ulanmaň, sebäbi ol himikatlary ýaýradyp, ýagdaýy öňküden hem beterleşdirer. Materialy howpsuz ýok ediň. |
Köp mukdarda dökülen himiki suwuklyk
Nebit guýularynyň burawlanýan ýerleri, işleriň alnyp barylýan meýdançalary we senagat etraplary ýaly himikatlaryň köp mukdarynyň ulanylýan we daşalýan ýerlerinde uly himiki hapalanmanyň ýüze çykmagyna taýýar bolmak örän wajypdyr.
- Adatdan daşary ýagdaýyň meýilnamasyny işçiler, iş bilen üpjün edýänler we golaýda ýaşaýanlar bilen düzüň. Hemmeleriň meýilnama bilen tanyşdyrylandygyna göz ýetirmek üçin, ýygy-ýygydan duşuşyklary gurnaň.
- Suwuklyk dökülen ýagdaýynda habarlaşyp boljak adamlaryň adyny we telefon belgisini habar beriň. Sanawa iş bilen üpjün edýänleriň, klinikalaryň we hassahanalaryň, hökümet agzalarynyň, halas edijileriň, saglygy goraýyş gullugynyň işgärleriniň we hapalanmany aradan aýyrmagy başarýan adamlaryň telefon belgilerini goşuň.
- Hapalanan meýdany arassalamak üçin görkezmeleri, materiallary (serişdeleri) we gorag esbaplaryny saklaň.
- Harap bolan ýerden çykmak üçin ätiýaçlyk çykalgany meýilleşdiriň we belläň.
- Nebit ýa-da beýleki himikatlar suw üpjünçiligini hapalan ýagdaýynda ulanmak üçin, arassa suw bilen üpjün etmegi ýola goýuň.