Hesperian Health Guides
Galyndylaryň ýaramaz dolandyrylmagy we zir-zibilleriň garyşdyrylmagy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Galyndylaryň ýaramaz dolandyrylmagy we zir-zibilleriň garyşdyrylmagy
Käbir galyndylary täzeden ulanyp ýa-da gaýtadan işläp bolýar. Zir-zibiliň käbir görnüşleri uzak wagtyň dowamynda çüýreýär. Emma käbir görnüşleri bolsa hiç haçan çüýremeýär! |
Ýaşaýan ýerimiziň daş-töwereginde zir-zibil ýygnananda ýa-da taşlananda, ol gelşiksiz, ýakymsyz ysly, saglyk üçin zyýanly ýere öwrülýär. Zir-zibiller ýerbe-ýer bölünmedik bolsa, olaryň sany we döredýän kynçylyklary adatdakysyndan has artýar. Zyýanly zir-zibil, mysal üçin, köne batareýler, saglygy goraýşyň galyndylary kagyz we iýmit galyndylary bilen garyşdyrylsa, ol has howply we çylşyrymly garynda öwrülýär.
Zirzibiller talaba laýyk ýok edilmese, ol saglyk kynçylyklaryny döredýär.
- Üsti açyk üýşmek zir-zibiller gyzzyrma, denge gyzdyrmasy, sary getirme, örgünli garahassalyk ýaly keselleri ýaýradýan alakalaryň, siňekleriň, aýakçylaryň, saçakçylaryň we beýleki mörmöjekleriň köpelmegine sebäp bolýar.
- Galyndy taşlanylýan ýerler we zir-zibil üýşmekleri mikroblary döredýärler. Olar şol ýerde oýnaýan çagalara, zir-zibillerden ulanmak we satmak üçin zat saýlanýan adamlara ýokuşýar. Zir-zibildäki mikroblar içgeçme, mergi, gijilewük, bürmek keseli, kömelejikler, göz we deri ýokançlyklary ýaly saglyk kynçylyklaryny döredýär.
- Zir-zibiller suw ýollaryna we zeýkeş akabalaryna dykylyp, suw akymyna böwet bolýarlar. Mörmöjekleriň ýaýramagyna mümkinçilik berýän we ýagyş ýaganda, suw almalaryny döredýän ýata suwlar emele gelýär. Adamyň ýa-da haýwanlaryň nejasatlaryny alyp gelýän lagym akabalary suw akýan ýaplary we topragy hapalaýar.
- Gerekmejek zir-zibilleriň uly üýşmekleri çüýrände, olar galyndylar bilen iş salyşýan ýa-da golaýda ýaşaýan adamlara zyýan ýetirýärler.
- Zäherli himikatlar zir-zibilden suw çeşmelerine we topraga syzyp, uzak ýyllaryň dowamynda adamlary zäherleýärler. Zäherli materially zir-zibil üýşmekleri käte partlaýarlar ýa-da ot alýarlar.
- Plastmassalar we beýleki zäherli galyndylar açyk ýerde ýa-da galyndy otlaýan enjamlarda ýakylanda, zyýanly himikatlar howa düşýärler, zäherli kül bolsa topragy we suwy hapalaýar.
Gysga wagtyň içinde zäherli himikatlar öýken ýokançlyklaryny, üsgülewügi, ýürekbulanmany, gaýtarmany we göz ýokançlyklaryny döredýär. Has uzak wagtdan olar düwnük (rak) we dogabitdi ýetmezçilikleri, dowamly keselleri döredýär.
Galyndylar zerarly dörän keselleriň bejerilişi barada Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitaba ýa-da saglygy goramak barada beýleki umumy kitaplara serediň. Ellikleriň, ýüze geýilýän maskanyň, ädigiň we ýapyk aýakgabyň geýilmegi gaty galyndylar bilen işlenende döreýän saglyk kynçylyklarynyň köpüsiniň öňüni alyp bilýär. (Zir-zibil bilen işlenende goranmak we Goşundy A ser.)