Hesperian Health Guides
Gün energiýasy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 23: Ekologik taýdan arassa energiýa > Gün energiýasy
Jaýyň üçegindäki gün galkanlary gün energiýasyny toplaýarlar. |
Siz güneşli howada bedeniňiziň ýada öýüňizdäki howanyň gyzýandygyny duýýaňyzmy? Eger duýýan bolsaňyz, bu gün energiýasynyň täsir edýändiginiň alamatydyr. Gün energiýasyny netijeli ulanmagyň birnäçe usuly: suwy gyzdyrmak, suwy howpsuzlandyrmak, nahar taýýarlamak ýa-da öýi ýylatmak ýaly usullary bardyr. Gün energiýasyny tok öndürmek üçin hem ulanmak bolýar.
Gün energiýasy günüň ýagtysyny alyp, ony elektroenergiýa öwürmek üçin gün galkanlarynyň ýa-da gün batareýleriniň ulanylmagyny talap edýär. Bulutly howada gün şöhleleriniň ýere düşmeýändigi sebäpli öndürilen energiýa yşyklandyrmak, herekete getirijileri we beýleki maşynlary işletmek üçin ulanmazdan öň batareýalarda toplanylmalydyr.
Gün galkanlaryny, batareýleri we beýleki bölekleri talap edýänligi sebäpli, gün energiýasynyň ulgamyny gurnamak gymmat bolup bilýär. Ýöne günüň ýagtysy mugt we ol üznüksiz täzelenip durýar. Gün ulgamy gurnalandan soň, ony işletmek we dolandyrmak serişdäni köp talap etmeýär. Her 3-5 ýyldan batareýleriň we döwlen gün galkanlarynyň çalşylmagy – gün ulgamyny dolandyrmagyň iň çykdajyly bölegidir.
Gün elektrik ulgamynyň bölekleri
Güne gyzan suw
Günüň köp bolan ýerlerinde gün energiýasy köplenç suwy içmek we suwa düşmek üçin gyzdyrmak maksady bilen ulanylýar. Güne gyzýan suw gün galkanlaryny we gymmat enjamlary talap etmeýär. Gerek bolan bar zatlar – suw gaby we gün şöhlelerini özüne has gowy çeker ýaly, gara reňk çalnan turba.
Aram klimatda suwy gyzdyrmak üçin gün kollektorlary zerurdyr. Olar ýönekeý suw gyzdyryjylardan gymmat, ýöne suwuň täzelenmeýän serişdeler bilen gyzdyrylmagyndan we elektroenergiýa üçin gün panellerinden arzandyr.
Mikrokredit gün energiýasyny maliýeleşdirýär
Şri-Lankanyň obalaryndaky öýleriň köpüsi elektroenergiýanyň milli ulgamy bilen bagly däldir. Ýöne tropik ýurtlaryň köpüsinde bolşy ýaly, Şri-Lanka adasynda gün ýagtysy köpdür. 1991-nji ýylda gün energiýasynyň gaznasy atly gurama (GEG) adamlara günüň şöhlesini ulanyp, elektroenergiýany öndürmäge kömek etmek üçin Şri-Lanka gelýär.
Olar gün energiýasynyň ulgamlaryny adamlara mugt berip bilmeýärdi. Şol sebäpli GEG adamlar bu ulgamlar üçin tölär ýaly usul oýlap tapdy. Şri-Lankanyň telekeçilige degişli bolmadyk guramasy bilen olar “gün birleşmesini” döretdiler. Bu birleşme mikrokredit gaznasyny döretdi. Adamlar gün ulgamyny gurnamak üçin, öňünden biraz pul geçirip, soňra 8 ýylyň dowamynda her aýda gazna az-azdan galanyny tölediler. Gaznanyň ýaýbaňlanýandygy sebäpli, maşgalalaryň köpüsi öz gün ulgamlary üçin tölemäge ondan pul alýardy. 5 ýylyň dowamynda 48 maşgala mikrokredit gaznasyna öz pullaryny goýdular. Bu bolsa ýene-de 25 maşgala gün ulgamlaryny almaga mümkinçilik berdi.
Şu üstünligei bil baglap, GEG Şri-Lankadaky hökümete garaşsyz Sarwodaýa guramasy (onuň 3 million agzasy bar) bilen işleşip başlaýar. GEG we Sarwodaýa ýüzden hem gowrak obany gün energiýasy bilen üpjün eden “Gün çesmesi” atly maksatnamany ösdürdiler.
Maksatnamanyň çäklerinde medeni we köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän jaýlarynda, mekdeplerde we budda buthanalarynda görkezmek üçin gün ulgamlary gurnalýardy. Soňra GEG Sarwodaýanyň agzalaryna gün ulgamlaryny almaga kömek bermek maksady bilen mikrokredit gaznasyny döredýär. Maksatnama 300 sany öý hojalygyndan başlandy. Birnäçe ýyldan soň ähli zat şeýle şowly bolansoň, Sarwodaýa “millionynjy jaý” üçin gün maksatnamasyny meýilleşdirip başlady.
Şri-Lankanyň oba ýerlerindäki müňlerçe jaýda indi gün energiýasy bar. Mikrokredit arkaly tiz wagtda ýene-de müňlerçe adam gün energiýasyndan peýdalanyp biler. Bu ugurda işlemeklerini dowam etseler, bir gün Şri-Lanka dünýäde gün energiýasynda işleýän milletleriň ilkinjisi bolup biler.