Hesperian Health Guides

Sözbaşy

Bu bapda:

Daşky gurşaw we saglyk boýunça jemgyýet üçin gollanma – lukmançylyk işgärleri, mugallymlar, jemgyýetçilik işjeňleri, ösüş boýunça hünärmenler, öz saglygyny we tutuş jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak isleýän her bir adam üçin peýdaly, bütin dünýä boýunça ýygnalan teklipleriň, usullaryň, hekaýalaryň we amaly çözgütleriň ýygyndysydyr.

Kitaby nädip ulanmaly?

EHB insidefrontcover 1.png

Her bir jemgyýet we her bir medeniýet saglygy hem-de tebigy serişdeleri goramakda öz usullaryndan peýdalanýar. Şu kitap siziň jemgyýetiňiziň serişdelerine goşular diýip umyt baglaýarys.

Kitapdaky maslahatlar garaşylýan netijeleri bermese, hekaýalar siziň ýagdaýyňyza laýyk gelmese, nähili hem bolsa bir sebäplere görä gurluşyk boýunça görkezmeler siziň mätäçlikleriňize laýyk gelmese, synag geçiriň! Şu kitapdan tapan zatlaryňyza goşmaça dürli çözgütleri gözläň.

Kitapdan gerekli temaňyzy tapmak üçin, Mazmundan peýdalanyň. Kitabyň başynda ýerleşdirilen mazmunda baplaryň sanawy olaryň tertibine baglylykda hödürlenendir. Mazmundan soň size gerekli zady tapmaga kömek edip biljek Tejribe sapaklaryň, Hekaýalaryň we “Nädip etmeli...” diýen Görkezmeleriň sanawyny taparsyňyz. Her babyň öňünde ondan tapyp biljek zatlaryňyzyň sanawy has jikme-jik mazmunynda görkezilendir.

Sözlük şu kitapda ulanylýan käbir sözleriň manysyny düşündirýär. Söz bapda ilkinji gezek duş gelende, ol has gara ýazylýar.

Şu kitapda hekaýa, tejribe sapagy, görkezmeler we umumy maglumatlar arkaly hödürlenen maglumatlaryň dürli görnüşleri berlendir.

Suratlar barada

Kitapdaky suratlarda dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlar görkezilýär. Olaryň köpüsi siziň jemgyýetiňizdäki adamlara meňzeş bolmagy hem ahmal. Adamlaryň ýaşaýan ýerine, geýnişine ýa-da olaryň öýleriniň durkuna garamazdan, olar daşky gurşaw we saglyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin işleýär.

Maglumatlaryň köpüsi kitabyň ahyrynda ýerleşýär

Esasy baplardan soň 2 goşundy (A,B) berlendir. Bu goşundylarda kitapdaky temalaryň köpüsinde ulanyp boljak maglumatlar (mysal üçin, howpsuzlyk enjamynyň ulanylyşy barada) bardyr.



This page was updated:05 ýan 2024